Uhanda Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forum geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Uhanda Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forum geçirildi

опубликованно 24.04.2017 // 986 - просмотров
 

Uhanda Hytaý Halk Respublikasynyň Kubeý welaýatynyň dolandyryş merkezinde iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleriň jemleýji gününiň maksatnamasyna laýyklykda “Türkmenistan-Hytaý: Täze Ýüpek ýolunda hyzmatdaşlyk” atly forum geçirildi.

Duşuşyga welaýatyň hökümetiniň we şäher meriýasynyň wekilleri, Uhan şäheriniň Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi, Hytaýyň birnäçe sebitleriniň barlag institutlarynyň esasy ylmy işgärleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly we beýleki ýurtlardan talyplar bar. Mundan başga-da, türkmen tarapyndan duşuşyga Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýaş alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Uhan şäherindäki Hytaý geologiýa uniwersitetiniň partiýa komitetiniň sekretary jenap He Guan Saý, Uhan şäheriniň halk hökümetiniň aziýa işleri boýunça daşary işler edarasynyň departamentiniň başlygy hanym Szin Wançan we beýlekiler häzirki wagtda iki döwletiň hem ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara düşünişmegiň oňat mysalyny görkezýändigini bellediler.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda şeýle hem haryt dolanyşygynyň ýokary derejesi bellenildi, ol soňky ýyllarda ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan hem geçdi. Hytaýly hyzmatdaşlar Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda, dokma senagatynda, telearagatnaşyk, himiýa, gurluşyk we ulag ulgamlarynda amala aşyrylýan iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Türkmen bazarynda iri hytaý kompaniýalarynyň 40-dan gowragy işleýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwerlik ulgamynda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler, ol ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynyň okgunly ösdürilmegine esaslanýar we ilkinji nobatda iki döwletiň häzirki zaman şertlerinde ynamly hem-de durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Çykyş edenler hyzmatdaşlygyň gerimini ösdürmek we giňeltmek barada aýtmak bilen, ynsanperwerlik ulgamynda, ilkinji nobatda, ylym we bilim ugrunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtadylar. Häzirki wagtda HHR-de türkmen talyplarynyň 2 müňe golaýy okaýar.

Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýanynda Çu –Týanýa adyndaky Türkmenistany öwrenmek boýunça merkeziň resmi açylyşy boldy. Biziň ýurdumyzyň taryhy boýunça belli hünärmenleriň biri Wang Sihaýyň ýolbaşçylyk edýän bu merkezine Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem Türkmenistan hakyndaky neşirler sowgat berildi.

Şu gün biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň Uhan şäheriniň meriýasynyň hem-de Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter