Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň senesi mynasybetli gutlaglaryny iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň senesi mynasybetli gutlaglaryny iberdi

 

Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň halkara we sebitara derejelerinde mundan beýläk-de berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynanýaryn diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberilen gutlagda aýdylýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter