Kikboksingiň milli mekdebiniň wekilleri Aziýa çempionatynyň birinji gününi üstünlikli tamamladylar | TDH
Sport

Kikboksingiň milli mekdebiniň wekilleri Aziýa çempionatynyň birinji gününi üstünlikli tamamladylar

опубликованно 26.04.2017 // 1098 - просмотров
 

Kikboksing boýunça bäsleşikleri 17 ýurtdan – Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Malaýziýadan, Iordaniýadan, Siriýadan, Nepaldan, Yrakdan we beýlekilerden 300-e golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşlar alty ugur point-paýting, semi-kontakt, kik-laýt, lou-kik, full-kontakt we ýekelikde ýerine ýetirilýän maşklar boýunça geçiriler.

Şu gün çärýek final bäsleşiklerini türkmenistanlylar ýeňlişsiz tamamladylar. 81 kilograma çenli agram derejede geçirilen tutluşyk tomaşaçylaryň aýratyn ýadynda galdy, şunda biziň ildeşimiz Azamat Jumagulyýew bäsleşigiň 20-nji sekundynda gyrgyzystanly bäsdeşini bada-bat ýeňmegi başardy.

Kikboksing sportuň iň ýaş görnüşleriniň biri bolup, ol geçen asyryň 60-njy ýyllarynda ABŞ-da ýaýrap başlady. Onuň watany ABŞ-dyr. Ilkibaşda ol “full-kontakt karate” diýlip atlandyrylýardy, soňra Adaty karate halkara federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň muňa garşy bolmagy bilen söweşjeň sungat kikboksing diýlip ady üýtgedildi. “Full-kontakt” ady bäsleşikleriň ugurlarynyň birini aňladýar hem-de şunda diňe bäsdeşiň bedeniniň ýokarky bölegine urgy etmäge rugsat berilýär.

Şu ýyl Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide we Latwiýanyň paýtagty Rigada iri halkara ýaryşlary geçirildi, olarda biziň türgenlerimiz 39 medala – 22 altyn, 9 kümüş we 8 bürünç medallara mynasyp boldular.

Şu gezekki Aziýa çempionatynda hem türgenlerimiziň iň oňat başarnyklaryny görkezjekdiklerine ynanýarys.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter