Daşary ýurtly atşynaslaryň birnäçesi “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp boldy | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly atşynaslaryň birnäçesi “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp boldy

опубликованно 27.04.2017 // 1013 - просмотров
 

Aşgabatda geçirilýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işe uly şahsy goşandy üçin assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalarynyň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakdy.

Hususan-da, hormatly ada Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo Loma Osorio, Fransiýa Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Eloize Anemon Flawia Žirardi, Özbegistan Respublikasynyň raýaty, hususy atşynas Bakturdi Ibadullaýew mynasyp boldular.

Döwlet Baştutanymyz sylaglara mynasyp bolanlary gutlap, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň genofonduny artdyrmak boýunça alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we hemmelere berk jan saglyk hem-de täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň myhmanlaryny Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän köpsanly çärelere, şol sanda türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter