Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady

опубликованно 28.04.2017 // 899 - просмотров
 

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu, hakykatdan-da, doganlyk türkmen halkynyň öz şöhratly ata-babalarynyň gadymy ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramdyr.

Şeýle hem arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek we gorap saklamak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalarynyň ähmiýeti bellenilýär, muňa “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan at çapyşyklary hem şaýatlyk edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter