Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler

опубликованно 28.04.2017 // 882 - просмотров
 

1-nji maýda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň altynjy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi, bu hyzmatdaşlyk köptaraply gatnaşyklaryň netijeli guraly bolup durýar. Türkmenistan 2014-nji ýyldan başlap, häzirki wagta çenli bu düzüme başlyklyk edýär.

Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Şu ýyl iki ýurduň arasynda dipolmatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl boldy.

Soňky ýyllarda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy işjeňleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan saparlary, şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyza bolan sapary gatnaşyklaryň has-da ilerledilmegine ýardam etdi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de sebit we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Bu babatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde özara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Ol netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täsirli guraly bolup durýar. Biziň ýurdumyz 2014-nji ýyldan başlap, häzirki güne çenli bu düzümde başlyklyk edýär.

Dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňümizdäki mejlisiniň maksatnamasy we gün tertibi barada habar berildi. Onuň barşynda sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek babatda tagallalary birleşdirmäge degişli meselelere garalar. Howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa we tebigy betbagtçylaklaryň öňüni almak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekmek hem-de Ulag we logistika meselelri boýunça sebitleýin hyzmatldaşlygyň hereketleriniň meýilnamasyny (ýol kartasyny) kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Iki ýurduň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy. Munuň özi köp ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly ýagdaýy şertlendirýär. Uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter