Türkmen kikboksçylary — umumy toparlaýyn çykyşlaryň ýeňijileri | TDH
Sport

Türkmen kikboksçylary — umumy toparlaýyn çykyşlaryň ýeňijileri

опубликованно 30.04.2017 // 1230 - просмотров
 

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Onda türkmen türgenleri umumy toparlaýyn çykyşlarda birinji orny eýelediler. Watandaşlarymyz altyn medallaryň 27-sini, kümüş medallaryň 25-sini we bürünç medallaryň 23-sini gazandylar.

Ýaryşyň jemleýji güni altyn medallarynyň ikisine Gülzada Jorakulyýewa mynasyp boldy. Full-kontakt we lou-kik görnüşlerinde 65 kilograma çenli agram derejesinde oňa taý gelen tapylmady. Şeýle hem şu gün Merdan Mamedow, Jelal Satlykgulyýew, Gadam Abdyýew, Halmyrat Geldimämmedow, Said Fakirow, Agamyrat Amangeldiýew, Muhammet Altybaýew, Batyr Çaryýew, Şöhrat Hallyýew, Şöhrat Ýagmyrow we Farida Gutlymuradowa ajaýyp üstünlikleri gazandylar.

Umumy toparlaýyn çykyşlarda eýranly kikboksçylar ikinji orny eýelediler. Olaryň hasabynda 22 sany altyn medal bar. Üçünji orny bolsa Täjigistanyň topary (altyn medallaryň 12-si) eýeledi.

Biziň ýygyndy toparymyzyň ady agzalan türgenlerini aglabasy kikboksingiň türkmen mekdebini esaslandyryjy — Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň şägirtleri bolup durýar. Olar halkara derejedäki iri ýaryşlaryň köpüsinde ýokary netijeleri yzygiderli gazanýarlar. Şu ýylyň başynda watandaşlarymyz Rigada (Latwiýa) we Helsinkide (Finlýandiýa) geçirilen ýaryşlarda medallaryň 39-syny gazanmagy başardylar. Olaryň 22-si altyn medallardyr. Ynha, indi türkmenistanlylar nobatdaky gezek ýokary sport ussatlyklaryny görkezip, häzir yklymyň Aziýa böleginde güýçli kikboksçylar bolup durýandyklaryny subut etdiler.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň häzirki üstünlikleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem biziň türgenlerimiziň dürli derejelerdäki medallary gazanjakdygyna ynam döredýär. Onuň maksatnamasyna kikboksing boýunça bäsleşikler hem girýär. Aziada—2017-niň başlanmagyna çenli galan wagtyň içinde olara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary, şol sanda halkara bäsleşikler garaşýar.

Şu ýaryşlara hyzmat eden meýletinçileriň işi hem ünsüňi özüne çekýär. Aziýanyň kikboksing konfederasiýasynyň prezidenti Nasiri meýletinçi kömekçilere sazlaşykly we dessin hereketleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem abraýly halkara sport guramasynyň baştutany türkmen hünärmenleriniň ýokary guramaçylyk ukyplaryny belläp, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäheriniň kabul etjek iri toplumlaýyn ýaryşlarynyň hem dünýä sportunyň häzirki talaplaryna laýyk gelýän derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter