Ýurdumyzyň iň belent nokadyndan çuň nokadyna çenli syýahat: Aziada-2017-niň nyşany—Akjagaýada | TDH
Sport

Ýurdumyzyň iň belent nokadyndan çuň nokadyna çenli syýahat: Aziada-2017-niň nyşany—Akjagaýada

опубликованно 01.05.2017 // 1299 - просмотров
 

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyna bagyşlanylan watançylyk çärä gatnaşyjylar ýörişiň barşynda Aziada-2017-niň nyşany bilen Türkmenistanyň her bir welaýatynyň ajaýyp künjeklerine baryp gördüler. Döwlet habarlar agentligi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komiteti bu çäräniň guramaçylary boldular. Çäre Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleriniň gatnaşmagynda güýzde paýtagtymyzda geçiriljek iri möçberli ýaryşlary ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerinde wagyz etmäge ýardam berer.

Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilýän günleri taslama tamamlaýjy tapgyra gadam basdy, bu çäre ýurdumyzyň ähli sebitlerini öz içine alyp, oňa gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň täsin künjeginde boldular. Bu ýerde göýä ägirt uly atyň toýnagynyň yzyna meňzeş, Garagum giňişlikleriniň ortarasynda Akjagaýa oýy ýerleşýär. Ölçegleri boýunça ägirt uly bu oýa hemra arkaly alnan suratlarda syn edilende, ägirt uly toýnagyň şekilini ýatladýar, onuň uzynlygy elli kilometre, ini bolsa alty kilometre golaýdyr. Bu künjek Türkmenistanda iň çuň oý bolup, dünýä ummanynyň derejesinden onlarça metr peslikde ýerleşýär, töweregi bolsa ýurdumyzyň beýleki ajaýyp künjekleri ýaly täsin gözellige beslenýär.

Ýörişe gatnaşyjylar ozal Lebap welaýatyndaky Türkmenistanyň iň belent nokady-Aýrybaba belentliginde (deňiz derejesinden 3139 metr belentlikde) boldular. Bu ýerde Aşgabatda geçiriljek Oýunlaryň nyşany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk tarapyndan saýlanyp wezipä girişmek dabarasyna gabatlanyp belentlige çykaryldy. Aziada-2017-niň başlanmagyna 200 gün galmagy mynasybetli Duşakerikdag belentliginde (2482 metr), Oýunlaryň başlanmagyna ýarym ýyl galanda Balkan welaýatynyň subtropik zolaklarynyň üstünde seleňleýän Hasardagynyň belentliginde Aziýa oýunlarynyň nyşany dikildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli saýlanyp alnan ugruň birbada geň bolup görünmegi mümkin. Dag belentliklerine çykylmalardan soňra taryhy belentlige-Marguş ýurduna-siwilizasiýanyň dörän merkezleriniň birine ugramak karar edildi. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli “Belentlige çykmak” topary ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna tarap ýol aldy...
Ýörişe gatnaşyjylar bellenilen nokada Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýoly boýunça otluda geldiler. Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi ýörişi guramaga ýardam berdi, onuň Daşoguz welaýatyndaky bölümleriniň işgärleri ýörişe gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar demir ýol menzilinden ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan berlen awtomobillerde Garagumuň ýüregi--Akjagaýa oýuna tarap ugradylar. Olar ilki bilen giň awtomobil ýollary, soňra bolsa öz ajaýyplyklary hem-de Garagumuň çäksiz giňişligini we gözelligini görmek isleýän jahankeşdeleri özüne maýyl edýän çöllük ýollar bilen ugruny dowam etdiler.

Şu günler çöl özgerip, sähra gök begrese bürenipdir, dürli ösümlikler we güller ajaýyp halyny ýada salýar. Açyk sary reňkli çomuçlaryň arasynda mahal-mahal tilki göze ilýär.

Ýol kem-kem aşaklygyna inýär, çägelik depeler takyrlar bilen ýerini çalyşýar—topar Akjagaýa çöketligine baryp ýetýär, çöketlik täsin tebigy görnüşler bilen haýran galdyrýar. Ägirt uly hem-de täsin görnüşli, nepis timarlanan çanagy ýada salýan çöketligiň belentlik tapawudy iki ýüz metre ýetýär. Onuň diwarlary tebigat tarapyndan dürli şekiller bilen bezelipdir, oňa gatlakly tort kimin ak, gyrmyzy we goňras zolaklar çekilipdir, reňki boýunça toýun-karbonat jisimleri hem-de hekleri ýatladýar. Adyndan hem çaklanylyşy ýaly, bu ýerde ak reňk agdyklyk edýär, munuň özi ýazky çöllügiň tutuş ýaşyl öwüşgini bilen sazlaşygy döredýär.

Çöketligiň gatlaryndaky toýunsow jisimler berk däldir, olar çalt jaýryk atýarlar hem-de guraýarlar. Çöketligiň düýbündäki jisimleriň bölejikleri elde owranýar. Emma hek gatlaklary gatydyr, suwuň we günüň täsirine durnuklydyr. Şeýle dürli öwüşginlik diwarlaryň suratyny emele getirdi. Tebigatyň özi dürli minerallary bir ýere jemläp, reňkleri emele getirmek isleýän ýaly, netijede, bu oýda dürli sazlaşykly reňkleriň toplumyny döredýär.

Bu jisimleriň ählisi özünde gadymy deňiz, onuň tolkunlarynyň millionlarça ýyl mundan ozal bu ýerde möwç urandygy baradaky hakydany saklaýar. Bu çöketlikde bir döwürlerde ýaşan täsin haýwanlaryň daşa öwrülen galyndylary hem tapylypdyr. Birnäçe alymlaryň pikirine görä, deňizleriň akymlarynyň netijesinde bu çöketlik emele gelipdir. Berk hekiň we ýumşak meliň hem-de mermeriň düzüm bölegi bolan karbonatlar deňziň döreden jisimidir. Mälim bolşy ýaly, mermer Aşgabadyň Merkezi Aziýanyň binagärlik göwherine öwrülip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginde uly orny eýeleýän gurluşyk serişdesidir.

Eşekaňňyrangyr belentliginiň çöketligi gurşap alan demirgazyk tarapdaky diwarlary bilen oýuň günorta gyraňlary çaprazlaşýar-bu ýerde çägelikler köpdür. Bu çägelik müňýyllyklaryň dowamynda Akjagaýany gömmäge synanyşýar hem-de çöllükde indi deňiz däl-de, kuwwatly derýa gadymy akymyny galdyrdy, alymlaryň köpüsiniň hasaplamagyna görä, onuň çökündileri Garagumuň galyň çägelik gatlaklaryny emele getiripdir.

Ýörişe gatnaşyjylar ýoluň soňky kilometrlerini Aziada-2017-niň nyşanyny ellerinde göterip, çöketligiň düýbünden—toýunsow täsin nagyşlary emele getiren ýaryklaryň, hamala, zehinli zergäriň eli bilen ýonulan ýaly ýerden pyýada geçdiler. Oýuň iň çuň ýeri 81 metre deňdir, bu dünýä ummanynyň derejesinden şunuň ýaly derejede pesdir. Bu ýeri guraksy, käwagtlar ýagyş damjalary ýere düşýär, soňra bugaryp, günüň şöhleleri astynda asmana galýar ýa-da guma siňýär. Şol sebäpli hem çöketligiň düýbünde guran akym ugurlary ýokdur, ol tekizdir. Ýöriş topary bu ýerden çykyp, ýokarlygyna galyp başlaýar.

Watançylyk çäresine gatnaşyjylar ellerinde Aziada-2017-niň nyşanyny—pellahana ilkinji bolup ýeten ýüwrük bedewiň şekilini göterip, tutuş ýurduň, ähli bäş welaýatyň çäginden müňlerçe kilometr ýoly geçdiler. Bu ýörişiň barşynda belentlikleriň çalyşmagynyň tapawudy 3220 metre (Aýrybaba belentliginiň hem-de Akjagaýanyň iň çuň nokadynyň tapawudy) deň boldy.

Mähriban ülkämiziň bir welaýatdan beýleki welaýatyna çenli syýahatyň aglaba bölegi täze demir ýollarda otlularda geçildi, bu syýahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler netijesinde, türkmen topragynyň keşbiniň düýpgöter özgerendigini gözleri bilen görmäge ýörişe gatnaşyjylara mümkinçilik berdi.

Biziň ýörişimize gatnaşan demirýolçular hem özleriniň milli Liderimiziň amala aşyrýan ägirt uly özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşant goşmaga çalyşýandyklaryny, türkmen demir ýollarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginiň binýady bolup durýandygyna buýsanýandyklaryny belleýärler, kuwwatly demir ýol wagonlary we häzirki zaman otly düzümleri millionlarça tonna ýük daşap, gadymy kerwenleriň ornuny tutýar.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň syýahatçylyk taýdan özüne çekijiligini artdyrýar, türkmen tebigatynyň köpsanly täsin künjekleriniň hatarynda Akjagaýanyň hem ähmiýeti barha artýar. Bu çöketlik seýsmiki babatda durnukly häsiýetde bolan Turan tekizliginiň merkezinde ýerleşýän hem bolsa, onuň emele gelmeginde tektoniki täsirler hem möhüm orna eýe bolupdyr. Muňa oýa girilýän ýeriň golaýyndaky gyzgyn we mineral suwly çeşme hem şaýatlyk edýär, ol geologlaryň gözleglerinden soň galypdyr. Bu çeşmäniň suwunyň aýratynlyklary degişli hünärmenleriň gyzyklanmasyna eýe bolup biler.

Akjagaýanyň töwerekleri Bathyzdaky Ýeroýlanduz çöketligini ýada salýar, ol hem bir wagtlar öçüp galan gadymy wulkanlaryň galdyran şekilleri hem-de daşa öwrülen deňiz jandarlarynyň galyndylary bilen gyzyklydyr, bu çöketlik hem tektoniki güýçleriň we gadymy deňizleriň täsiri bilen emele gelipdir.

Emma çeşme ýa-da ýagmyryň az möçberdäki suwy akabasy bolmadyk Akjagaýa çöketliginiň hatda az-owlak bölegini hem çyglap bilmeýär. Bu ýeriniň yssy howasy ýer ýüzünde başga hem az bolmadyk tebigatyň şeýle gudratynyň adaty bir köle öwrülmeginiň öňüni alýar. Garagum çölünde ýagmyryň ýyllyk derejesi bary-ýogy ýüzlerçe millimetre deňdir, bu ýeriniň gün şöhlesiniň täsiri astynda buglanmanyň möçberi bolsa ondan on esse diýen ýaly artykdyr. Çuňlugy babatynda Akjagaýa ýaly bolmasa-da, beýleki köpsanly çöketlikler Garagumuň görküni bezeýär.

Daşoguz welaýaty ekologiýa syýahatçylygy desgalaryndan başga-da taryhy-medeni ýadygärliklere hem-de orta asyr Gündogarynyň heýjana getirýän ruhuny we äheňini duýmaga mümkinçilik berýän naýbaşy binagärlik binalaryna hem baýdyr. Köneürgenç, Ibrahim Edhem, Aşyk Aýdyň pir, Ysmamyt Ata, Zamahşary...—bu tolgundyryjy atlar Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň iň meşhur syýahatçylyk ugurlary bolup durýar.

Ýöriş tamamlanyp barýar, bu watançylyk çäresine gatnaşyjylar gadymy döwürlerde ahalteke bedewleriniň at salan hem-de düýe kerwenleriniň ýol salan ýerlerinden çöllük ýollar bilen indi yzlygyna—demir ýol menziline tarap ugraýarlar.

Gün çäge depeleriniň üstüni çoýýar, olary özüniň ýaşyp barýan ýumşak şöhlesi bilen bezeýär, ýetip gelýän kuwwatly otlunyň zogy bolsa menzilde garaşyp duran, ellerinde Aziadanyň buýsançly nyşany bolan, sentýabr aýynda Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň iň gowy türgenleriniň gatnaşmagynda iri möçberli ýaryşlarynyň geçiriljek merkezi Aşgabada-ak mermerli paýtagtymyza ugraýan ýolagçylary mübärekleýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter