Türkmenistanda temmäkä garşy göreş boýunça biraýlyk geçirilýär | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda temmäkä garşy göreş boýunça biraýlyk geçirilýär

опубликованно 01.05.2017 // 1384 - просмотров
 

Şu gün türkmen paýtagtynda temmäkä garşy göreş boýunça köpçülikleýin çäreleriň biraýlygy badalga aldy. Wagyz çäresine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda guralýan bu çäre ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkyň saglygynyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir, Türkmenistanda adam jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy diýlip yglan edildi.

Çäräniň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan eýýäm temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy hereketiň köp ugurlary boýunça öňdäki orunda çykyş edýär hem-de Ýer ýüzünde temmäkiden azat zolaklary giňeltmek boýunça işleriň dowam etdirilmegine uly goşant goşýar. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz temmäki ulanylmagyna garşy işjeň göreş alyp barýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijesinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler geçirildi. Hususan-da, 2000-nji ýylda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi, 2008-nji ýylda ýurdumyzda gündogar halklary üçin mahsus bolan, adam saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän temmäki önümi bolan nasyň önümçiligini, ýerlenilmegini, peýdalanylmagyny we getirilmegini gadagan etmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany çykaryldy.

2011-nji ýylyň martynda milli parlament tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň temmäkä gözegçilik etmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasy tassyklanyldy. Şol ýylyň özünde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde “2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereketleriň Milli meýinamasy” işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň bilen bir wagtda, ýörite milli maksatnamalar, şol sanda “Saglyk” döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň “Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanyň şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek boýunça Milli maksatnama” we beýlekiler durmuşa geçirilýär.

Bu ulgamda ýurdumyzyň esasy gazananlarynyň hatarynda 2013-nji ýylda kabul edilen “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden hem-de temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goramak hakynda” Kanun bar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilleriniň birnäçe gezek belleýişleri ýaly, bu çäreleriň netijesinde Türkmenistanda geçirilen barlaglaryň netijeleriniň hem tassyklamagy boýunça soňky birnäçe ýylyň içinde ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň uly ýaşly nesliniň arasynda çilim çekmegiň ýaýramagynyň derejesi Ýewropa sebitinde iň pes derejede saklanýar.

2013-nji ýylda Aşgabatda geçirilen ýokanyç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Bu wekilçilikli maslahatyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň temmäki tüssesiniň ýaramaz täsirinden goralmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Jemleýji Aşgabat Jarnamasynda adamyň saglygyny goramak boýunça möhüm çäreleriň hatarynda ilatyň saglygyny temmäki ulanylmagynyň weýran ediji täsirlerden goramak boýunça çäreleri işjeňleşdirmek görkezildi.

Ýygnananlar türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň üstünliginiň hem-de durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň, şol sanda bu ulgamdaky çäreleriň netijeliliginiň ägirt uly gyzyklanma döredýändigini we dünýä bileleşigi, iri halkara we sebit guramalary hem-de düzümleri tarapyndan ýokary baha eýe bolandygyny hem bellediler. Iň aýdyň mysallaryň biri hökmünde 2014-nji ýylyň iýunynda we 2016-njy ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimize temmäki önümleriniň ulanylmagynyň ýaýramagyna garşy göreşe goşan ägirt uly goşandy üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýörite sylaglarynyň gowşurylmagyny görkezmek bolar.

Şu günki geçirilen çäre häzirki wagtda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn özgertmeler syýasatynyň möhüm ugrunyň halkymyzyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy we abadançylygy hakyndaky alada bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Munuň özi adamlaryň durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin döredilýän amatly şertler bilen bilelikde, olaryň döredijilik we aň-paýhas babatynda öz ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegini üpjün edýän hakykatdyr. Tutuşlygyna häzirki döwürde Diýarymyzda amala aşyrylýan iri möçberli işler ýurdumyzyň temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy işjeň göreşmekde bütin dünýä üçin nusgalyk döwret bolmaga ukyplydygynyň subutnamasydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter