Türkmen küştçüleriniň we karateçileriniň nobatdaky baýraklary | TDH
Sport

Türkmen küştçüleriniň we karateçileriniň nobatdaky baýraklary

опубликованно 02.05.2017 // 1039 - просмотров
 

Biziň ildeşlerimiz iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelemek bilen tomaşaçylary begendirýärler. Bu gezek olar mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýä çempionatynda hem-de aşihara-karate boýunça Ýewraziýanyň Kubogy ugrunda açyk ýaryşda tapawutlanmagy başardylar. Bu ýaryşlarda alty medal – bir altyn, üç kümüş we iki bürünç medal gazanyldy.

Küşt boýunça ýaryşlar Rumyniýanyň Ýassi şäherinde geçirildi, bu ýere dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan türgenleriň ýüzlerçesi ýygnandy. Şol bäsleşikde ildeşlerimiz iki kümüş baýraga mynasyp boldular. 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň toparynda çykyş eden aşgabatly Azat Nurmämmedow hem-de maryly Farhad Kazimow (17 ýaşa çenli) wise-çempionlar boldular.

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde aşihara-karate (sportuň bu görnüşi kýokuşinkaý ady bilen hem mälimdir) boýunça ýaryşda medallar ugrunda dünýäniň 15 ýurdundan 200-e golaý türgen güýç synanyşdy. Bu ýerde biziň toparymyzyň düzüminde altyn medala mynasyp bolan Farhat Jumaýew iň ýokary netijäni görkezdi. Muhammed Nurgeldiýew kümüş medala hem-de Izzat Taýirow we Mähri Hajyýewa bürünç medallara mynasyp boldular.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter