Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

опубликованно 03.05.2017 // 1017 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sorin Wasile Moldowany kabul etdi, ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz we doly ygtyýarly wekil türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi we mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda has-da giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen birlikde, energetika we ulag ulgamlarynda tagallalary birleşdirmek möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda, hususan-da, ýükleri daşamak üçin ykdysady taýdan amatly ugurlary üpjün edýän halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu ugurda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan medeni hem-de ylym-bilim gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Rumyniýada ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazan Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Rumyniýanyň ýurdumyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Medeniýet günleri hem bu ugurda nobatdaky ädim bolar.

Şeýle hem şu ýylyň iýulynda şanly senä--iki döwletiň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp, bilelikdäki çäreleriň geçiriljekdigi bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter