Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

опубликованно 03.05.2017 // 1196 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel aýynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berendigi nygtaldy.

Milli Liderimiz we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri belläp, taraplaryň olary netijeli durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Gazagystan üçin uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Häzirki döwürde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, sebitleýin ulag düzümini kemala getirmek we döwrebaplaşdyrmak ulgamynda, şeýle hem iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasynda ýakyn ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleriniň geljeginiň uludygy bellenildi.

Türkmen Lideri Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýetini aýratyn nygtady, ol gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, yzygiderli ýagdaýda dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy, şunda özara Medeniýet günleriniň, bilim çäreleriniň, sport ýaryşlarynyň hem-de beýleki çäreleriň geçirilmegi halklaryň arasyndaky özboluşly dostluk köprülerini giňeltmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň tomsunda Astanada “Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriljek “EKSPO-2017”-ä” Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygytýarly ilçisi O.Nurbaýew gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter