Frank –Walter Ştaýnmaýer: biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary ederin | TDH
Syýasat habarlary

Frank –Walter Ştaýnmaýer: biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary ederin

опубликованно 04.05.2017 // 968 - просмотров
 

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine saýlanylmagym mynasybetli Siziň iberen hem-de meni ruhlandyran gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etmegi göz öňünde tutýaryn, çünki muny möhüm hasaplaýaryn.

Diňe häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine bilelikde garşy durmak bilen, Germaniýa we Türkmenistan halkara guramalarynda ähli adamlaryň parahatçylygyny hem-de azatlygyny üpjün etmäge, olaryň mynasyp durmuşy üçin şertleri döretmäge bilelikde goşant goşup bilerler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter