Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dynç güni başga güne geçirildi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dynç güni başga güne geçirildi

опубликованно 05.05.2017 // 1110 - просмотров
 

Türkmenistanda Ýeňiş gününiň baýram edilmegi bilen baglylykda dynç güni başga güne geçirildi. Degişli Permana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda şanly senäni baýram etmek we oňat dynç almak üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 7-nji maýdaky dynç güni 8-nji maýa -duşenbe gününe geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz permana gol çekmek bilen, ýurdumyzyň halkyny Ýeňşiň 72 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür we abadan durmuş arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter