Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär | TDH
Jemgyýet

Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär

опубликованно 05.05.2017 // 921 - просмотров
 

Türkmenistanda welaýatlaryň dolandyryş-çäk düzüminiň üýtgemegi mynasybetli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 21-nji maýda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär.

Saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň barşynda iki saýlaw okrugy boýunça Mejlisiň deputatlygyna hem-de halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.
Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk häsiýetleri, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar.

Bellige alnan dalaşgärleriň ählisine milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter