Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna okgunly ösýän ýurduň hukuk binýady hökmünde garalar | TDH
Jemgyýet

Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna okgunly ösýän ýurduň hukuk binýady hökmünde garalar

опубликованно 05.05.2017 // 1015 - просмотров
 

Türkmenistanda 16-njy maýda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – ösüşiň hukuk binýady» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň syýasy we döwlet gurluşynda toplan tejribesi dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar, giňden wagyz edilmegine mynasypdyr.

Maslahatyň çäklerinde dört mejlis geçiriler. Olary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Konstitusiýa binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter