Türkmen diplomatlary Pekinde geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijileri boldular | TDH
Sport

Türkmen diplomatlary Pekinde geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijileri boldular

опубликованно 07.05.2017 // 1072 - просмотров
 

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we bu ýerde işleýän halkara guramalaryň diplomatik işgärleriniň arasynda futbol boýunça 21-nji turnir geçirildi. Onda Türkmenistanyň ilçihanasynyň topary ýeňiji boldy. Jemleýji bäsleşikde biziň watandaşlarymyz Pussiýa Federasiýasynyň diplomatik işgärlerinden örän uly artykmaçlyk — 5:1 hasabynda üstün çykdylar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we Bedenterbiýe we sport işleri baradaky baş müdirligiň guramagynda geçirilen bäsleşikler Pekiniň sport uniwersitetiniň toplumynda boldy. Ýaryşlara Germaniýanyň, Italiýanyň, Angliýanyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Şwesiýanyň we beýleki ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärlerinden düzülen toparlarynyň 16-sy medallar ugrunda bäsleşdiler.

Türkmenistanlylar bu gezekki ýeňşini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşladylar. Olar indi şeýle ýaryşlarda 4-nji gezek ýeňiş gazandylar. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde, şol sanda ýurdumyzyň diplomatik toparlarynda hem sport hereketiniň ýokary göterilýändiginiň kanunalaýyk netijesidir.

Hytaýda her ýylda geçirilýän şeýle bäsleşikler ýurdumyzyň sport ulgamynda ýeten derejesini giňden wagyz etmekde wajyp ugurlaryň biri bolup durýar we ol iki ýurduň iki halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter