Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

опубликованно 08.05.2017 // 986 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter