GDA ýurtlarynyň birnäçesiniň baştutanlary hormatly Prezidentimizi Ýeňiş Güni bilen gutladylar | TDH
Syýasat habarlary

GDA ýurtlarynyň birnäçesiniň baştutanlary hormatly Prezidentimizi Ýeňiş Güni bilen gutladylar

опубликованно 08.05.2017 // 1064 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşýar.

Türkmen döwletiniň baştutanynyň adyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew gutlag hatlaryny iberdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti
Ilham Aliýew tüýs ýürekden gutlady.

Gutlag hatlarynda döwlet baştutanlary edermenligi, gaýduwsyzlygyh em-de gahrymançylygy, tutanýerli zähmeti bilen faşizm hwpundan dünýäni azat edenlere belent sarpa goýmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň ähli halkya abadançylyk we üstünlikler arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter