Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýolag oýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýolag oýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

опубликованно 08.05.2017 // 997 - просмотров
 

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Husseýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny iberdi. Onda şeýle diýilýär: Pakistanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan Size iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy iberýärin.

Pakistany we Türkmenistany taryhy, medeni-ruhy umumylyklara daýanýan ýakyn hem-de hoşniýetli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Pakistan mundan beýläk-de Türkmenistan bilen ähli ugurlar, şol sanda syýasy, energetika, medeni we beýleki pudaklar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýär.

Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara we sebitara guramalarynyň, hususan-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda amala aşyrýan bilelikdäki tagallalarymyz bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter