Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 09.05.2017 // 1064 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny umumy baýramçylygymyz bilen — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biz uly ýitgiler bilen faşizmi derbi-dagyn eden, geljekki nesillerimiz üçin ýaşamaga we azatlyga bolan hukugymyzy gorap saklan ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz edermenligine baş egýäris. Olaryň gaýduwsyzlygynyň, edermenliginiň, watançylygynyň hem-de birek-birege doganlyk goldawynyň ýaş russiýalylar we türkmenistanlylar üçin hemişelik belent ahlak ýol görkezijisi bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistanda ýaşaýan ähli weteranlara hem-de tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Biz 9-njy maý baýramçylygyny bellemek bilen, söweş meýdanlarynda gahrymançylyk hem-de tylda zähmet edermenligini görkezen, faşizmi derbi-dagyn etmegiň umumy işine aýgytlaýjy goşant goşan adamlara bolan buýsanç duýgusyny başdan geçirýäris.

Bu beýik edermenlik baradaky hakyda biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine Ermenistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge çagyrýar.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ömür, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky mähirli gutlaglarymy ýetirmegi Sizden haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Serž SARGSÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary üçin aýratyn möhüm baýramçylyk bolan Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Faşizmiň üstünden gazanylan bu ýeňiş örän uly ýitgiler bilen gazanyldy — millionlarça adamlar söweş meýdanlarynda ebedilik galdylar.

Häzirki döwrüň howplary we wehimleri tutuş adamzat üçin ölüme barabar bolan täze uruşlaryň döremek howpuny döredýär. Munuň bolmazlygy üçin hem-de geljekde adamzada garşy şeýle ýagdaýyň döremezligi üçin biz dünýäde parahatçylygy we ähli janly zady goramagyň hatyrasyna jebisleşmäge hem-de ýurtlarymyzy we halklarymyzy raýdaşlyga çagyrmaga borçludyrys.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size hem-de ähli türkmen halkyna uzak ýyllaryň dowamynda parahatçylyk, bagtyýarlyk, agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hiç kimi we hiç zady unutmaly däldiris! Ýeňş günüňiz gutly bolsun!

Igor DODON,
Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Biribardan Size we ähli türkmen halkyna rowaçlyk hem-de bagtyýarlyk dileýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen ýakyn gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik arzuw edýärin.

Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi umumy baýramçylygymyz bolan Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Watançylyk urşunda söweşen ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz edermenligi, tylda zähmet çekenleriň gahrymançylygy häzirki we geljekki nesillerimiziň hakydasynda hemişelik galar.

Faşizme garşy umumy göreşde halklarymyzyň taplanan doganlygynyň geljekde hem Russiýany we Türkmenistany birleşdirýän dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, türkmen weteranlaryna berk jan saglyk, uzak ömür we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegi Sizden haýyş edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Ýeňiş güni mynasybetli tatarystanlylaryň adyndan we öz adymdan tüýs ýürekden çykýan gutlaglary kabul ediň.

Faşizmiň üstünden gazanylan umumy ýeňiş bilen berkidilen taryhy doganlyk gatnaşyklar — bu biziň halklarymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine mäkäm dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň esasydyr.

Size, Siziň ýurduňyzyň ähli raýatlaryna jan saglyk we üstünlikleri, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Şu baýramçylyk güni biz dünýäni faşizmden azat etmäge uly goşant goşanlary çuňňur hormat we minnetdarlyk bilen ýatlaýarys.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş GDA gatnaşýan döwletleriň taryhynda ähmiýetli wakalaryň biri bolup durýar. Doganlyk halklar bir hatarda faşistik basybalyjylara garşy göreşe galyp, janlaryny gaýgyrman, azatlyk we garaşsyzlyk ugrunda söweşdiler.

Türkmenistanyň ogullary we gyzlary hem bu umumy ýeňşe uly goşant goşdular, olaryň köpüsi Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna janlaryny gurban etdiler.

Geçen uruş we onuň sapaklary baradaky öçmejek hakydanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, sebit we halkara howpsuzlygyny berkitmek boýunça bilelikdäki tagallalary artdyrmak üçin möhüm esas bolup hyzmat edýändigine ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu şanly günde Size, uruş weteranlaryna, Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, gowulyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Sergeý LEBEDEW,
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — ýerine ýetiriji sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň.

9-njy maý Garaşsyz Döwletleritň Arkalaşygynyň ähli halklary üçin mukaddes baýramçylykdyr. Bu şanly günde biz uruşda duşman bilen gaýduwsyz söweşenleri, tylda Ýeňiş üçin jan aýaman zähmet çekenleri uly hormat bilen sarpalaýarys. Ata-babalarymyzyň bu Beýik edermenligi baradaky hakyda biziň kalplarymyzda ebedilik ýaşar.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk hem-de Siziň asylly işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

A.SERGEÝEW,
GDA-nyň PA-nyň Geňeşiniň Baş sekretary.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter