Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

опубликованно 12.05.2017 // 992 - просмотров
 

Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah, Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Onda şeýle diýilýär:

Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň adyndan ajaýyp Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 24-28-nji aprelinde geçirilen suwdagysga aralyga ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň birinji ýaryşynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Ýaryşa Owganystandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Täjigistandan gatnaşan toparlar mähirli myhmansöýerlik bilen gurşalyp alyndy.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň toplumy ýaly täsin sport düzümini döretmekde, sporty ösdürmekde hem-de Siziň beýik ýurduňyzyň ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Mundan başga-da, biz Türkmenistanyň paýtagtynyň ajaýyp keşbine hem-de Siziň halkyňyzyň hoşniýetliligine haýran galdyk.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter