Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde guramaçylyk meselelerine garady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde guramaçylyk meselelerine garady

опубликованно 12.05.2017 // 1743 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümetinde wezipelere bellemek meselelerine garady. 2017-nji ýylyň dört aýynda durmuş-ykdysady ösüşiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan degişli Permanlara we Kararlara gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Muhammetmyrat Aýdogdyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Batyr Atdaýew başga işe geçmegi sebäpli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna we telekeçilige gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň Penmany bilen ýustisiýanyň uly geňeşçisi Batyr Atdaýew Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellenildi.

Orazmyrat Gurbannazarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ol söwda toplumyna we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ulgamyna gözegçilik eder.

Mergen Annabaýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine Batyrmyrat Orazmyradow bellenildi.

Ýazgeldi Annaýew “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşadyldy.

Bu wezipä ozal “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary wezipesinde işlän Mergennepes Annanepesow bellenildi.

Şeýle hem Mämmet Baýramgulyýew Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi we Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter