Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

опубликованно 12.05.2017 // 1847 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda pudaklaryň geçen dört aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Mejlisde wise-premýerler, ministrleriň käbirleri, welaýatlaryň häkimleri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler hem-de olaryň işine baha berildi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz düýpli bellikleri we talaplary beýan edip, ýolbaşçylar düzümiň öňünde ýakyn döwür üçin anyk wezipeleri goýdy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky meselä garaldy.

Hormatly Prezidentimiz hökümetiň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň 2017-nji ýylyň dört aýynda ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler netijesinde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, ilatymyzyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Muňa şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri hem şaýatlyk edýär.

Wise-premýer jemi içerki önümiň ösüş depginleri barada aýtmak bilen, hasabat döwründe bu görkezijiniň 6,2 göterim, şol sanda senagat pudagynda 2,1 göterim, gurluşykda 4,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterim, söwdada 10 göterim, oba hojalygynda 3,5 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,7 göterim ýokarlanandygyny aýtdy.

Dört aýyň jemleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6 göterim artdy. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary görkezijiler gazanyldy.

Bölek satuw haryt dolanyşygynyň depgini 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,1 göterim ýokarlandy. Sarp ediş harytlaryň, ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäkde saklanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça ortaça aýlyk zähmet haklary 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,1 göterim artdy.

Wise-premýer ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň möçberiniň 5,6 milliard manada, çykdajy böleginiň 5,3 milliard manada deň bolandygyny habar berdi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary wagtynda tölenildi.

Garalýan döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 12,2 milliard manada barabar boldy.

2017-nji ýylyň dört aýynyň deslapky jemleri boýunça «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» meýilleşdirilen işleriň çäklerinde, ýurdumyz boýunça 200,4 kilometr inženerçilik ulgamlary, 1243,3 kilometr aragatnaşyk ulgamlary çekildi, 329,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly 65 desganyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 30-synyň gurluşygy tamamlanyldy. Häzirki wagtda 500,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de dürli maksatly düzümleýin desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A .Öräýewa şu ýylyň dört aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ykdysady görkezijileri hakynda hasabat berdi. Şeýle hem statistika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler hakynda habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, hasaba alyş we statistika ulgamyny has-da ösdürmegiň möhümdigini belledi. Bu ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet dolandyryş usullarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz statistika ulgamynda işlenip taýýarlanylýan maglumatlaryň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny we degişli çözgütleriň kabul edilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýol berlen kemçilikleri aradan aýyrmak üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamak barada degişli görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Öräýewanyň garamagyndaky düzümiň işini kämilleşdirmek maksady bilen alyp barýan guramaçylyk we dolandyryş işlerine nägilelik bildirip, bu babatda zerur çäreleri görmek üçin duýduryş berýändigini aýtdy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M. Annadurdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde hasabat döwründe geçirilen işleriň jemleri, hormatly Prezidentimiziň ozar beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada maglumat taýýarlanylanda olaryň netijelerine zerur seljermeleriň geçirilmeginiň wajypdygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli manadyň satyn alyş ukybynyň yzygiderli ýokarlanmagy, bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň we hiliniň gowulandyrylmagy, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, täze maliýe gurallarynyň işlenip taýýarlanylmagy we bank işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin M.Annadurdyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi we bank edaralarynyň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Hojamämmedowa hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň häzirki döwürde alyp barýan işleriniň netijelerine nägilelik bildirdi. Hususan-da, milli Liderimiz kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine talaba laýyk gözegçilik edilmeýändigini belledi. Maksatnamalary durmuşa geçirmekde ministrliklere we pudak edaralaryna ýeterlik ýardam berilmeýär.

Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada, Oba milli maksatnamasynda, ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak, edara-kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, biržalary döretmek, hünärmenleri taýýarlamak, täze iş orunlaryny döretmek, ýerli býujeti ýerine ýetirmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreler doly ýerine ýetirilmeýär.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşýan möçberini artdyrmak boýunça esasy wezipeler haýal ýerine ýetirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Maliýe ministrligi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýyna talaba laýyk gözegçilik etmeýär. Ministrlikleriň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hiç hili teklip bermeýär. Şoňa görä-de, ministrlikleriň köpüsi býujet boýunça hem, öz potratçylary bilen hem ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary geçirip bilmeýär. Netijede, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň arasynda özara hasaplaşyklar we borçnamalar boýunça bergileriň möçberi köpelýär. Şonuň üçin hem, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bergileri ýyl geçdigiçe barha artýar. Şeýle ýagdaý pudaklaryň ösmeginde bökdençlikleri döredýär. Bu bolsa ýaramaz netijelere getirýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz maliýe ministri M. Muhammedowa wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara - kärhanalaryň işine ýolbaşçylyk etmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin berk käýinç yglan edip, bu ugurda bar bolan meseleleri düýpli seljermegi, kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Bu meselä Ministrler Kabinetiniň ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde ýene-de garaljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda oňat netijeler gazanylmasa, kemçilikler düzedilmese, maliýe ministrini eýeleýän wezipesinden boşatmak baradaky meselä serediljekdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Babaýew nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça meýilnama 106,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,6 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ugratmagyň meýilnamasy 108,8 göterim ýerine ýetirildi. Şunda tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 101,1 göterime barabar boldy.

Käbir nebit önümlerini, şol sanda benzin öndürmek boýunça meýilnama 11,8 göterim, dizel ýangyjy – 5,4 göterim, polipropilen – 7,6 göterim, suwuklandyrylan gaz—27,6 göterim berjaý edildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 120,7 göterim ýerine ýetirildi.

Soňra «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D. Hajyýew ýurdumyzyň nebit senagatynyň esasy görkezijileri we şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebit çykarýan düzümdäki işleriň ýagdaýyna düýpli nägilelik bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz M. Babaýewe gözegçilik edýän düzümlerindäki işiň ýagdaýyny jikme-jik seljerip, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi we bu ugurda degişli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şol taslamalar milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda döwrebap gazhimiýa önümçiliklerini gurmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam eder.

Nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, ýangç çig maly gaýtadan işlemek ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we şunuň esasynda dünýä bazarynda uly islegden peýdalanylýan ýokary hilli önümleri çykarmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Öz nobatynda «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň başlygy M.Meredow önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän dynç alyş toplumy bolan akwaparkyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynyň deňiz şypahana düzüminiň üstüni ýetirjek akwaparkyň gurluşygynyň depginine düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu desganyň gurluşygy haýal alnyp barylýar we taslamanyň maliýeleşdirilişinde birnäçe düzgün bozmalar bar.

Döwlet Baştutanymyz desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy, ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda zerur tagallalary görmegi tabşyrdy. Eger gerek bolsa onuň gurluşygyny alyp barýan potratçysyny çalyşmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň we prokuratura işgärleriniň geçiren barlaglarynyň netijesinde, toplumyň işinde köpsanly düzgün bozmalaryň ýüze çykarylandygyny belläp, bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi berk talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D. Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2017-nji ýylyň dört aýynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 137 million 461 müň 500 manada deň bolup, meýilnama 111,4 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 137,6 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň umumy möçberi 53 million 941 müň manada deň boldy. Meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 105 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 110,3 göterim ýerine ýetirildi. Bu düzümde geçen ýylyň dört aýy bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 101,9 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe 7 milliard 955 million 063 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi. Şeýlelikde, elektrik energiýa önümçiliginde ösüş depgini 105,8 göterime ýetirildi. Eksportuň ösüş depgini 103,9 göterime barabar boldy.

2017-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmek hem-de hyzmatlar boýunça meýilnama 111,1 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,9 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda «Türkmenawtoýollary» döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 103,1 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 100,6 göterim derejede üpjün edildi.

Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de ösen şäher düzümini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ähli degişli düzümler türkmen paýtagtynyň keşbini has-da gözelleşdirmek, aşgabatlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça utgaşykly işleri alyp barýarlar.

Milli Liderimiz wise-premýer D.Amangeldiýewe hem-de toplumlaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Telekeçilerimiz bilen netijeli işleri alyp baryp, bilelikdäki kärhanalary, täze iş orunlaryny döretmeli. Pudaklaryň durnukly işlemegini we döwlete girdeji getirmegini gazanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz senagat pudagynda hem bikanun hereketlere ýol berilýän ýagdaýlaryň bardygyny, munuň hem pudak üçin örän ýaramaz ýagdaýdygyny aýdyp, kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ulag hem-de aragatnaşyk ulgamynyň edaralary we kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakynda hasabat bilen çykyş etdi.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ösüş depgini ýük daşamakda 101,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 106,2 göterime barabar boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda habar berildi. 2017-nji ýylyň dört aýynda ösüş depgini 101,7 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 103 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 101 göterime deň boldy. Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 139 müň, şol sanda 130 müň öýjükli belgi we 9 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 160 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenhowaýollary» gullugynda üstünlikler gazanyldy. Ýanwar-aprel aýlarynda awiahyzmatlaryň ösüş depgini 109 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 109 göterime we ýolagçy gatnatmakda 110 göterime deň boldy.

Geçen döwrüň içinde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 101 göterim berjaý edildi. Ýolagçy gatnatmakda ösüş depgini 102 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselesine degip geçdi we wise-premýerden hem-de toplumyň degişli ýolbaşçylaryndan işleri öz wagtynda, bellenen möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur işleri geçirmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de ýurdumyza geljek myhmanlaryň oňat garşylanyp, dynç almagynyň, olara gowy hyzmat edilmeginiň aragatnaşyk serişdeleriniň, howa we awtomobil ulaglarynyň bökdençsiz we talaba laýyk işlemegine köp derejede baglydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz iri desgalaryň, howa menzilleriniň, deňiz portunyň gurluşygy barada aýdyp, wise-premýere bir aýyň dowamynda ýerlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy hem-de olary ulanmaga bermek boýunça meýilnamalaryň tertibine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň senagat merkezleri bolan Lebap we Balkan welaýatlarynda howa menzillerini, ýagny Garlykda we Gyýanlyda howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynyň hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň esasy görkezijileri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrigi boýunça söwda dolanyşygy 1 milliard 503, 6 million manada barabar boldy, şol sanda bölek haryt dolanyşygy 601, 2 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,7 göterim artdy. Hasabat döwründe 33,5 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 80-si geçirilip, umumy bahasy 7,4 milliard manada deň bolan şertnamalaryň 3858-si hasaba alyndy. Şol şertnamalaryň umumy möçberinde harytlaryň eksporty we importy bilen bagly şertnamalaryň bahasy 6,3 milliard manada barabar boldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça 6,28 million manatlyk hyzmat işleri amala aşyryldy. Gazanylan peýda 2,1 million manat bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,5 göterim artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 173 million manatlyga barabar senagat önümleri, 298,3 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberi degişlilikde 32,6 göterim we 26,4 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 1,1 milliard manatdan gowraga deň boldy. Söwda haryt dolanyşygy 3,7 milliard manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,6 göterim artdy. Hyzmat ulgamynda 321,6 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, onuň möçberi 14,9 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda söwda işiniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň geriminiň giňelýändigi bilen häsiýetlendirilýändigini, ýöne eksportuň möçberlerini artdyrmak babatda entek garaşylýan netijäniň gazanylmaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz söwda ulgamyny ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, eksport ugurly önümleri öndürmekde telekeçiligi işjeňleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Bilim ministrliginiň buýurmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň, 600 orunlyk orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň we 72 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Ýanwar-aprel aýlarynda zehinli mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 45 medal, şol sanda 5 altyn, 19 kümüş we 21 bürünç medal, talyplar bolsa 7 medal, şol sanda 1 altyn, 1 kümüş hem-de 5 bürünç medal gazandylar. Internet bäsleşiklerinde mekdep okuwçylary 10 medal, talyplar 154 medal gazanmagy başardylar.

Ýylyň dört aýynyň dowamynda okuw kitaplarynyň hem-de gollanmalaryň golýazmalarynyň 215-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olaryň 69-sy neşir edildi.

Aprel aýynda Türkmenistanyň bilim edaralarynda hünär synagy geçirildi. Bilim ulgamynyň hünärmenleriniň 69-sy we mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň 159-sy daşary ýurtlara iş we okuw saparlarynda hem-de ders bäsleşiklerinde boldular. Mundan başga-da, Bilim ministrliginde beýleki döwletleriň wekilleri bilen 14 duşuşyk geçirildi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlary tarapyndan birnäçe gurluşyk, önümçilik ähmiýetli tehnologiki reglamentler we taslamalar işlenip düzüldi hem-de önümçilige ornaşdyryldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda 3 desganyň – Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň, Türkmenbaşy şäherinde "Awaza" şypahanasynyň hem-de Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň gurluşygy dowam edýär.

Hasabat döwründe Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,4 göterim, ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan alnan girdeji 113 göterim, derman senagatynda öndürilen önümleriň möçberi 102 göterim artdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. 5-nji aprelde «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygyna badalga berildi. 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly iri halkara forumy hem-de «Awaza» sport toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Aprel aýynyň soňky ongünlüginde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde agyr atletika we kikboksing boýunça Aziýa çempionaty hem-de Olimpiýa suw sport toplumynda suwda ýüzmek boýunça sebitleýin halkara ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşlarda türkmen ştangaçylary 9 medal (1 altyn, 2 kümüş we 6 bürünç medal), kikbokçularymyz 75 medal (27 altyn, 25 kümüş we 23 bürünç medal), suwda ýüzüji türgenlerimiz 11 medal (2 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç medal) gazandy. Kikbokçularymyz umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelemegi başardy.

Ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 117-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 60-sy geçirildi. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlarynyň 52-sine gatnaşyp, jemi 342 medal (124 altyn, 109 kümüş we 109 bürünç medal) gazandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli tabşyryklary bermek bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýakyn wagtlarda örän jogapkärli döwrüň -- orta mekdeplerde gutardyş synaglarynyň başlanýandygyny, ýokary okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanýandygyny aýtdy. Soňra ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary geçiriler. Tomus möwsümine çenli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ählisi doly taýýar edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň ählisiniň ýokary derejede geçirilmeginiň üpjün edilmegini talap edip, ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän giriş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagy, ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek meselesine geçip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna geçirilýän atly ýörişi gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu atly ýöriş ýokary derejede tamamlanmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ilaty derman serişdeleri bilen üpjün etmek meseleleriniň çözülişine nägilelik bildirip, wise-premýere ýurdumyzyň derman senagaty kärhanalarynyň işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Adamlar ol ýa-da beýleki derman serişdelerini tapmakda kynçylyklary çekýärler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine bergileri bilen baglanyşykly meseleleri çözmegi tabşyrdy.

Wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine ýolbaşçylyk etmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa berk käýnç yglan etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Garajaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda Döwlet baýdagynyň güni, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şeýle hem täze desgalaryň açylyşlarynda dürli medeni çäreler guraldy.

Daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de Palestina Döwletiniň Medeniýet günleri, ýurdumyzyň Medeniýet günleri Katarda üstünlikli geçirildi. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda işleýän daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalary bilen bilelikde filmleriň görkezilişi, sergiler, konsertler hem-de daşary ýurtlaryň medeniýet işgärleri bilen duşuşyklar guraldy.

Döwlet sirkinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sirk artistleriniň çykyşlary görkezildi. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri dünýäniň birnäçe döwletlerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin iş saparlarynda bolup geldiler. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda—türkmen ýaşlarynyň bilim alýan döwletlerinde türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramak boýunça işler alnyp barylýar.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işi kämilleşdirilýär.

Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça haryt öndürmegiň möçberi 43 million 704 müň manada deň bolup, meýilnama 125,6 göterim ýerine ýetirildi. Kitap önümleriniň 6 million 856 müň 505 nusgalykdaky 118 görnüşi çap edildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan girdejiniň meýilnamasy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 101,4 göterime deň boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter