Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 14.05.2017 // 1024 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Mugla welaýatynda bolup geçen awtobus helakçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan pida bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi we ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter