Aşgabatda geçirilýän duşuşykda Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine garalýar | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabatda geçirilýän duşuşykda Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine garalýar

опубликованно 15.05.2017 // 916 - просмотров
 

Aşgabatda geçirilýän Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak bolup durýar. Bu resminama 2014-nji ýylda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Maslahatyň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge, Ýewraziýanyň ulag kommunikasiýalar ulgamynda sebitiň ornunyň ýokarlanmagyna Hazarýaka ýurtlaryň aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Hazar deňziniň “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” kontinental ugurlaryň çatrygynda amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilen ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri strategiki taýdan möhüm ulgamda goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegini, ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil, demir ýol we howa, şeýle hem netijeli logistika arkaly gatnatmak babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygyny şertlendirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” diýen Kararnamanyň möhümligi bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar geçirilen gepleşikleriň jemlerini jemläp, Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bilermenleriň Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça uly işleri geçirendigini bellediler. Täze Ylalaşygyň taslamasy boýunça garaýyşlary ylalaşmak işleri hem tamamlanyp barýar. Bu resminama gol çekilmegi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolan sebitiň ýurtlarynyň arasynda däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat eder.

Ertir sebit derejesindäki maslahat öz işini dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter