Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen awtobuslaryň 30-sy Aşgabat şäheri boýunça gatnawlara çykdy | TDH
Jemgyýet

Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen awtobuslaryň 30-sy Aşgabat şäheri boýunça gatnawlara çykdy

опубликованно 15.05.2017 // 1163 - просмотров
 

Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen Koreýa Respublikasynda öndürilen “Hyundai Aero City” kysymly awtobuslaryň 30-sy Aşgabat şäheri boýunça gatnawlara çykdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, tumary hem-de keşbi şekillendirilen häzirki zaman jemgyýetçilik ulagy paýtagtymyzyň 8,9,34, 37 we 42-nji gatnaw ugurlary boýunça hereket eder.

Aziadanyň nyşanlaryny – ahalteke bedewiniň şekili, aýdyň öwüşginli tumar hem-de Wepaly atly alabaýyň suraty bilen bezelen awtobuslar ýolagçylarda baýramçylyk ruhubelentligini döreder hem-de şäheriň köçelerine özboluşly öwüşgin çaýar.

“Hyundai” kompaniýasynyň “Aero City” atly uly gabaraly şäher awtobusy ýurdumyzyň şäher we şäherara gatnawlarynda giňden ýaýrandyr. Soňky ýyllarda Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan jemgyýetçilik ýolagçy ulag ulgamy üçin şeýle awtobuslaryň birnäçe ýüzüsi satyn alyndy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter