19-20-nji maýda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana iş sapary bolar | TDH
Syýasat habarlary

19-20-nji maýda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana iş sapary bolar

опубликованно 18.05.2017 // 1040 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen gepleşikler geçirer.

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň baştutany Reşit Meredow Hökümetiň we Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşiklerine taýýarlygyň barşy barada habar berdi.

Gepleşikleriň gün tertibine türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumy girizilip, onuň netijesi boýunça iki taraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar iki ýurduň hem dostluk we hoşmeýilli goňşuçylyk däplerine esaslanýan deňhukukly, oňyn we uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara islegine we gyzyklanma bildiýändiine şaýatlyk edýär diýip hygtady.

Döwlet baştutany döwletara özara hereketi mundan beýlägem ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň we geljegiň bardygyny belledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter