Kazanda Türkmenistanyň wekilýetiniň agzalarynyň Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy | TDH
Syýasat habarlary

Kazanda Türkmenistanyň wekilýetiniň agzalarynyň Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy

опубликованно 19.05.2017 // 919 - просмотров
 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kanunçylyk we kanunçylyk kadalalary komitetiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Russiýa –yslam dünýäsi: «Kazansummit-2017» atly ýokary derejedäki IX Halkara ykdysady geňeşiniň umumy mejlisine gatnaşmak üçin Kazana gelen wekilýeti Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi.

Tatarystanyň baştutany ýygnaga gatnaşýandyklary üçin wekilýetiň agzalaryna we Tatarystan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirýänligini aýtdy.
Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Tatarystan üçin hemişe uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny nygtap: „Biziň halklarymyzy gadymýetden gaýdýan taryhy ruhy-medeni we netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary baglaşdyrýar“-diýip nygtady.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda peýda bolan özara hereket üçin täze mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak gerek. Hususan-da, nebit çykarmak, maşyn gurluşygy, energetika, agrosenagat toplumy, derman senagaty we lukmançylyk, himiýa senagatynyň önümlerini ibermek we beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmek jähtinden hem türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygyny mundan beýlägem ösdürmegiň möhümligi bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter