Awazada Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler başlandy | TDH
Syýasat habarlary

Awazada Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler başlandy

опубликованно 20.05.2017 // 976 - просмотров
 

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistana iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler başlandy.

Garşylamak dabarasyndan soň, döwlet baştutanlary ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirýärler.

Türkmen-özbek ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi.

Şeýle hem döwlet baştutanlary özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara seýasatynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter