Balkanabadyň alpinistlery belentligine çalt çykmakda Türkmenistanyň kubogynyň ikinji tapgyrynda öňdeligi eýeledi | TDH
Sport

Balkanabadyň alpinistlery belentligine çalt çykmakda Türkmenistanyň kubogynyň ikinji tapgyrynda öňdeligi eýeledi

опубликованно 23.05.2017 // 1660 - просмотров
 

Uly Balkan gerşiniň belentligine – Balkan welaýatyndaky Arlan dagyna belentlige çalt çykmak skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň şu ýylda geçirilen ikinji tapgyry boldy. Bäsleşikleri Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” we “Mert” alpinist klublary geçirýär.

Ylgaw ugurlary täsin öwrüm-öwrüm ýodajyklar bilen dag eteginden onuň belentligine çenli 850 metrden hem geçýän belentlikleriň çalyşmagynda alty kilometr aralyga uzady. Ýaryşyň pellehanasy deňiz derejesinden bir müň sekiz ýüz metrden gowrak bellikde seýrek arça tokaýlygynyň arasynda ýerleşýärdi. Ylgawyň ugry gerşiň demirgazyk tarapyndan geçýän bolsa-da tomsuň golaýlap geleni duýulýardy. Türgenler diňe bir öz erkiniň hem-de kert belentlige galýan ýollaryň synagyna däl-de, eýsem aýry-aýry ýerlerde otuz gradusdan hem geçýän yssy howa hem döz gelmeli bolýardylar.

Ýaryşa badalga berlenden 48 ýarym minut geçenden soň Balkanabatdan Ýazgeldi Ödeniýazow ilkinji bolup pellehana geldi. Ol şu ýyl Duşakerikdag belentligine çykmakda hem ilkinji orny eýeläp, ýurdumyzyň kubogyna eýe bolmaga oňat şert döretdi.

Hormat münberiniň beýleki iki ornuny paýtagtymyzyň topary eýeledi. Ýeňijiden iki minut yza galyp Arslan Annamämmedow pellehana ikinji bolup geldi. Ýurdumyzyň kubogyna geçen ýyl eýe bolan Alekper Ahmedow üçünji orny eýeledi.

Zenanlaryň arasyndaky bäsleşik hem çylşyrymly häsiýete eýe boldy, munda hem balkanlylar öňdeligi eýelediler. Öýüňde diwarlar hem kömek edýär diýien nakyly başgaçarak aýtsak, öz ýeriňde gaýalar hem kömek edýär. Pellehana ilkinji bolup Gözel Ataýewa geldi, ol bu aralygy bir sagat 18 minutda geçdi. Ikinji we üçünji orunlary paýtagtly türgenler Alina Panowa we Najiýa Kostowa eýelediler.

Ýazky ylgaw möwsümi tamamlandy, ýurdumyzyň kubogy ugrundaky bäsleşikler Köpetdagyň üstünden geçýän Harlasang, Markou ugurlary hem-de paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça “Türkmenistan” telemerkezine çenli ýolda geçiriler.

Skaýranning iňlis dilenden terjime edilende “belentlikde ylgamak”, “belentlik ylgawy” diýmegi aňladýar. Sportuň bu görnüşi ýaşdyr, emma biziň ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Şu ýyl alpinizmiň bu ugry boýunça ýurdumyzyň kubogy ugrundaky ýaryşlar üçünji gezek geçirilýär. Bu özboluşly bäsleşikler sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň hem-de Türkmenistanyň daglarynyň täsin görnüşleriniň gözelliklerini wagyz edýänleriň sanyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter