Merkezi saýlaw toparyň mejlisinde 21-nji maýda geçirilen deputatlaryň saýlawlarynyň netijeleri jemlendi | TDH
Jemgyýet

Merkezi saýlaw toparyň mejlisinde 21-nji maýda geçirilen deputatlaryň saýlawlarynyň netijeleri jemlendi

опубликованно 24.05.2017 // 873 - просмотров
 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň 21-nji maýynda birnäçe saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşygynyň üýtgemegi bilen halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlendi. Bu gezekki mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, millii synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeeriniň işgärleri gatnaşdylar.

Saýlawçylaryň ýokary işjeňligi bellenildi. Iki saýlaw okrugy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara saýlawçylaryň sanawyna girizilen möçberiniň 91,02 göterimi gatnaşdy.

Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy boýunça G.Mämmedowa, Mary welaýatynyň 106-njy “Wekil” saýlaw okrugy boýunça G.Ataýewa Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy. Milli parlamente saýlanan deputatlara şahsyýetnamalar gowşuryldy. Şu pursatdan başlap, olar ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjylyk edarasynda halkyň doly hukukly wekilleri bolup durýarlar.

Welaýatlaryň etrap, şäher maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlara saýlawçylaryň umumy möçberiniň 90,91 göterimi gatnaşdy. Halk häkimiýet edaralaryna her orun üçin iki we ondan-da köp dalaşgäriň gatnaşmagy saýlawlaryň ýokary demokratik we bäsdeşlik derejesinden habar berýär.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda ähli saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryň geçişine gözegçiligi amala aşyran milli synçylaryň işiniň netijeliligi bellenildi. Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw urnalarynyň açylýan pursatyna gatnaşdylar. Şýele hem olar saýlaw uçastoklarynda ses bermek çäresiniň öňüsyrasynda, onuň barşynda, sesleriň sanalýan döwründe, okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri kesgitlenende we umumy jemler jemlenende boldular.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter