Türkmenistanda korrupsiýa we paraholrluga garşy göreşmegiň Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda korrupsiýa we paraholrluga garşy göreşmegiň Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar

опубликованно 26.05.2017 // 1607 - просмотров
 

Döwlet Baştutanymyzyň maslahatlaryna laýyklykda korrupsiýa hem-de parahorluga garşy göreşmek baradaky ýörite döwlet maksatnamasy işläp taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň milli parlamentiniň başlygy A.Nurberdiýewa habar berdi.

Parlamentiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bu maksatnamasynyň esasy wezipesi jemgyýetde korrupsiýanyň döremegine getirýän sebäpleriň we şertleriň öňüni almak bolup durýar. Şeýle hem häzirki wagtda Mejlisiň deputatlary parahorluga garşy göreş boýunça hereket edýän kanunçylygy seljerýärler we degişli kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri taýýarlaýarlar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter