Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy | TDH
Jemgyýet

Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy

опубликованно 26.05.2017 // 1143 - просмотров
 

Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherindäki Nebitçilik uniwersitetiniň binýadynda “Türkmenistan” Merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Şensi welaýatynyň hökümetiniň we Siýan şäheriniň wekilleri, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde “Türkmenistan” Merkezi ähli zerur maglumat serişdeleri, audio we wideo maglumatlary bilen doly üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde kiçi kitaphana döredilip, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, iňlis we hytaý dillerinde neşir edilen kitaplary, türkmen nusgawy we çeper edebiýatynyň eserleri, döwurleýin neşirler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler hakynda gürrüň berýän surat albomlary goýuldy.

Merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşan köpsanly myhmanlar üçin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň gýüzünde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary, milli Liderimiziň onuň senasyna öwrülen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym-- Türkmenistan!” atly aýdymy hakynda ýörite wideofilm görkezildi.

Açylyşy dabarasynyň çäklerinde Siýan uniwersitetiniň maslahatlar zalynda bu ýokary okuw mekdebiniň mugalymllarynyň, Şensi welaýatynyň halk magaryfy departamentiniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk guraldy. Onda Türkmenistanyň we Siýan şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim we ylym ulgamy boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri babatda pikir alyşmalar boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter