Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady

опубликованно 26.05.2017 // 1036 - просмотров
 

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al-Nahaýan Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hoşniýetlilik we abadançylyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk dileg edýärin diýlip BAE-niň Prezidentiniň hormatly Prezidentimize iberen gutlagynda aýdylýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň adyna Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktum we Abu-Dabiniň mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýan gutlag hatlaryny iberdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter