Kuweýt Döwletiniň Emiri Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň prezidentini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Kuweýt Döwletiniň Emiri Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň prezidentini gutlady

опубликованно 26.05.2017 // 869 - просмотров
 

Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jabar Al-Sabah Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli öz gutlaglaryny iberdi.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk, şeýle hem tutuş musulman ymmatyna abadançylyk dileg edýärin diýip gutlagda aýdylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter