Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp Aşgabatda Halkara ekologik ýorumy geçiriler | TDH
Jemgyýet

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp Aşgabatda Halkara ekologik ýorumy geçiriler

опубликованно 26.05.2017 // 1169 - просмотров
 

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, Aşgabatda sebit we halkara guramalarynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşky gurşawy goramak, suw hojalygy ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda çäreler toplumy geçiriler.

Olaryň hatarynda Halkara ekologik forumy, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça toparynyň mejlisini, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki meseleler boýunça merkeziniň Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisini hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalyk pudaklarynyň hünärmenlerinden ybarat bolan Sebitleýin toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň derejesini peseltmek, “ýaşyl” innowasiýalar tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan wezipeler bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter