Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleri öz hünär gününi pudak boýunça seginiň açylmagy bilen belläp geçerler | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleri öz hünär gününi pudak boýunça seginiň açylmagy bilen belläp geçerler

опубликованно 26.05.2017 // 1016 - просмотров
 

Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleri öz hünär baýramyny – dokma senagaty işgärleriniň gününi iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellärler.

“Türkmen dokmasy--2017” atly dokma önümleriniň halkara sergisi baýramçylyk maksatnamasynyň esasy çäresi bolar, onda milli dokma senagatynyň gazananlaryny görkezerler.

Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn serginiň çäklerinde işewürlik duşuşyklar geçiriler, olaryň barşynda dokma önümçiliginde özara bähbiti hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösüdrmek meseleleri ara alyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem pudagyň iň gowy işgärlerini sarpalamak dabarasy bolar.

Dokma pudagy ägirt uly serişdeler mümkinçiligine eýe bolup, milli ykdysadyýetimizi ileri tutulýan pudaklarynyň hatarynda öňdäki orunldarynyň birini eýeleýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter