«Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara sergä we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisine gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

«Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara sergä we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisine gatnaşyjylara

опубликованно 27.05.2017 // 1164 - просмотров
 

Hormatly myhmanlar!
Çeper elli mähriban halyçylar!

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara serginiň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungatydyr. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Bu örän çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän inçe senediň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Türkmen halysy özüniň gözelligi, ýokary hili we kämilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde el halylarynyň şöhratyny belende göterip gelýär.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly halyçylar!

Biziň halylarymyzy içgin synlanyňda, türkmen baharynyň joş urýan öwüşginleri, çägeli depeleriň günortanyň jöwzasyndaky lowurdysy, güle bürenen türkmen ýaýlalary, çarwanyň ak öýündäki oduň ruhlandyryjy alawy, düýpsüz gök asmandaky ýyldyzlaryň ýalpyldysy, bedewleriň toýnak sesiniň dükürdisi, şemalyň we kenara urulýan tolkunlaryň birsydyrgyn owazy, enäniň hüwdüsi we näzikligi hakynda gürrüň berýän ýaly, geň galdyryjy täsin duýgular kalbyňy galkyndyrýar.
Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet baýdagymyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň alamaty bolup, al asmanda parlaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak maksady bilen, ýurdumyzda halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Hormatly halyçylar we halyşynaslar!
Gadyrly myhmanlar!

Häzirki döwürde biz dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlarda we beýleki ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýduk. Ýurdumyzda halkara sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu geçirilýän halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen görkezer.
Bu halkara serginiň öz önümlerini görkezýän, hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň we guramalaryň wekillerine, telekeçilere özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Hormatly myhmanlar!
Gadyrly halyçylar!

Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän «Gözellik nusgasy - türkmen halysy» atly halkara serginiň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriljek 2017-nji ýylda guralýan halkara sergisiniň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisiniň ähmiýetiniň uly boljakdygy ikuçsuzdyr. Siziň ezber elleriňizden çykan nepis halylar we haly önümleri gözel paýtagtymyza geljek myhmanlar we türgenler üçin juda gymmatly peşgeş bolar.

Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, halyçy gelin-gyzlarymyza bolsa, ajaýyp haly eserlerini döredip, uly zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlansyn!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter