Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 28.05.2017 // 949 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak mende uly şatlyk duýgusyny döredýär.

Taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, özbek-türkmen strategiki hyzmatdaşlygynyň ýetilen derejesi diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň ösüşiniň, abadançylygynyň we durnuklylygynyň bähbidine hyzmat eder.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda taryhy taýdan emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş dileg edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

****

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iberen mähirli gutlaglaryma Iordaniýa Haşemit Patyşalygynyň halky we hökümeti hem goşulýar.

Size jan saglyk we bagt arzuw edýärin. Meniň doganlyk türkmen halkyna dowamly gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Abdulla II,
Iordaniýa Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter