Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň forumy açyldy | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň forumy açyldy

опубликованно 30.05.2017 // 972 - просмотров
 

Türkmen paýtagtynda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly iki günlük Aşgabat forumy öz işine başlady.

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän duşuşyga degişli döwlet düzümleriniň, abraýly halkara guramalaryň, senagat ulgamynyň, ylmy edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Söwda-senagat edarasynyň kiçi zalynda ýygnananlaryň arasynda Energetika Hartiýasyna agza döwletleriň -- Albaniýanyň, Awstriýanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Belarusyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Keniýanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Ýaponiýanyň, şeýle hem synçy döwletleriň -- ABŞ-nyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Senegalyň, Ugandanyň, Ýemeniň wekiliýetleri bar.

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, ÝUSAID-iň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň we beýleki halkara düzümleriň ençemesiniň, şeýle hem CNPC we British Petroleum (BP) ýaly iri nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bar. Energetika Hartiýasynyň wekiliýetine bu guramanyň Baş sekretary Urban Rusnak ýolbaşçylyk edýär.

Mundan başga-da, Aşgabat duşuşygyna daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri – 31-nji maýda türkmen paýtagtynda geçiriljek Halkara energetika media-forumyna gatnaşyjylar çagyryldy.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Energetika Hartiýasynyň bilelikde guran Forumynyň gün tertibine bu möhüm pudakdaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek we işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly giň meseleler toplumy girizildi. Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilýän wekilçilikli duşuşyk ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek ýaly möhüm ugurda netijeli gatnaşyk üçin oňyn binýada öwrüldi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter