Aşgabatda dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň media-forumy geçirildi | TDH
Jemgyýet

Aşgabatda dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň media-forumy geçirildi

опубликованно 31.05.2017 // 900 - просмотров
 

Paýtagtymyzda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine bagyşlanan halkara media-forum geçirildi. Bu duşuşyk BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady hem-de Durmuş komissiýasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Awstriýadan, Azerbaýjandan, Albaniýadan, Ermenistandan, Owganystandan, Belarusdan, Gruziýadan, Hindistandan, Ýemenden, Gazagystandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan halkara habarlar agentlikleriniň hem-de teleradio kompaniýalaryň we abraýly düzümleriň wekillerini ýygnady. Foruma türkmen tarapyndan pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Energetika Hartiýasynyň baş sekretary doktor Urban Rusnak duşuşygy açyp, bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan Aşgabatda bu iri çäräniň guralandygy we geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Media-forumyň esasy maksady ählumumy energetika gurluşynyň kemala getirilmeginde öňdebaryjy halkara düzümi bolan Energetika Hartiýasynyň işiniň esasy ugurlary barada dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Duşuşygyň barşynda 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna ýurduň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanda çäreleriň ýokary derejede guralandygy nygtaldy. Aşgabatda şeýle uly möçberli halkara forumynyň geçirilmegi türkmen Lideri tarapyndan energetika ulgamynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň üstünlige beslenýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Foruma köp sanly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda, hususan-da, Owganystan Yslam Respublikasynyň energetika we suw serişdeleri ministri Ali Ahmad Osmaniniň, Energetika Hartiýasynyň utgaşdyryjy toparynyň ýolbaşçysynyň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň wekili Klara Rahmetowanyň, Gruziýanyň energetika ministriniň orunbasary Ilia Eloşwilliniň, Albaniýa Respublikasynyň energetika we senagat ministriniň orunbasary Ilir Beýtýanyň we beýlekileriň çykyşlarynda Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumynyň gün tertibine girizilen wezipeleriň wajypdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda energetika ulgamynda giň we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk dünýädäki işleriň durnukly hem-de yzygiderli barşynyň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýär. Geljegiň ählumumy ösüşiniň umumy ýörelgeleri bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy, energetika giňişliginiň häzirki zaman gurluşynyň döredilmegi, howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň üpjün edilmegi arkaly kesgitlenilýär. Häzir bu ulgamdaky gatnaşyklar iň ýokary derejede barha düşünilmek we toplumlaýyn häsiýetine eýe bolýar, oňa täze gatnaşyjy döwletler, kompaniýalar, halkara institutlar we guramalary girýär.

Tehnologiýalaryň çalt ösmeginiň netijesinde, soňky ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ýokary ösüş depgini göze ilýär. Tebigy gazyň ähli uglewodorod serişdeleriniň arasynda iň arassa ekologiýa önümidigini nazara alanyňda, energiýanyň ilkinji sarp ediş bazarynda onuň paýy her ýyl artyp, ýakyn ýyllarda kömri, uzak geljekde bolsa nebiti aradan aýrar.

Ýöne öndürijiden sarp edijä çenli “mawy ýangyjy” ibermek babatda birnäçe çylşyrymly ýagdaýlar bar. Has netijeli usullaryň hatarynda gazyň turbageçirijiler arkaly iberilmegi agzaldy. Şonuň bilen birlikde, yklymüsti gaz geçirijiler boýunça howpsuz ibermegi üpjün etmek meselelerini çözmegiň wajypdygy bellenildi. Foruma gatnaşyjylaryň biragyzdan pikirine görä, häzir dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde bu maksatlara ýetmek üçin täze gurallary işläp taýýarlamak ýaly jogapkärli wezipe durýar.

Bu ugurda BMG-niň giňden goldaw bermeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli, işjeň hem-de başlangyçlara beslenen syýasaty oňyn netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan dünýäde barha uly goldaw tapýan energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň ygtybarlylygynyň hem-de goraglylygynyň kepillikleri baradaky işlenip taýýarlanylan başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy. 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň teklibi boýunça «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Kararnamanyň ikisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda ýurdumyzyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, bularyň esas düzüji halkara namalaryna esaslanýandygyny hem-de energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän döwletleriň we abraýly guramalaryň ählisiniň arasynda özara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine gönükdirilendigini nygtadylar.

Energetika Hartiýasyna Şertnamanyň ähmiýetine aýratyn üns berildi, ol energiýa serişdeleriniň üstaşyr iberilmegi bilen baglanyşykly çylşyrymly, syýasy, ykdysady we hukuk meseleleriniň çözülmegi boýunça ýeke-täk köptaraply ylalaşyk bolup durýar.

Bu halkara düzümiň esasy ýörelgeleri Türkmenistanyň alyp barýan ugruna doly gabat gelýär. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ençeme gezek aýdyldy. Şunda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralynyň döredilmegi esasy ölçeg daşy bolup çykyş edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, köpugurly turbageçirijileriň ýaýbaňlandyrylan ulgamyny döretmegiň hasabyna energiýa serişdelerini sarp edijilere ýetirmegi üpjün edip bilýän ulag düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ýurdumyz üçin ileri tutulýan strategiki ugur bolup durýar. Şu babatda türkmen tarapynyň sarp edijilere ekologiýa taýdan örän arassa uglewodorod çig malyny durnukly we ygtybarly ibermegi üpjün etmek arkaly ählumumy durnukly ösüşe goşant goşmaga çalyşýandygyna aýratyn üns berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan uzynlygy 9 müň kilometrden gowrak bolan transmilli gaz geçiriji boýunça Hytaýa tebigy gazy iň köp iberijidir. Şu günki günde bu gaz geçirijiniň üç şahasy hereket edip, ýurdumyza HHR-a tebigy gazyň her ýylda 40 milliard kub metrini eksport etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu gaz geçirijiniň geçirijilik kuwwatyny ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek üçin dördünji şahasyny gurmak maksat edinilýär.

Türkmen döwleti amatly geosyýasy ýerleşmeginiň hem-de baý uglewodorod ýataklarynyň bolmagy netijesinde, Ýewropa we Aziýa bazarlaryny goşmak bilen dürli ugurlar boýunça gazyň eksport möçberlerini has-da artdyrmak üçin örän uly kuwwata eýedir. Çykyş edenler bu ulgamda milli strategiýanyň geljegi uly ugurlary barada aýdyp, Hytaýyň hem-de Eýranyň energetika bazarlarynyň nebitgaz toplumynyň önümlerini ýerlemegiň esasy bazarlary bolup galjakdygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, toplumy ösdürmegiň uzak möhletli geljegi işlenilip taýýarlanylanda, türkmen ýangyç-energetika serişdeleriniň eksportynyň umumy möçberinde Gündogar (Owganystan, Pakistan, Hindistan) hem-de Ýewropa ugurlarynyň paýy hem nazara alynýar.

Nygtalyşy ýaly, Energetika Hartiýasyna Şertnamanyň esas goýujy ugurlary ulanylanda hem-de üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen anyk ylalaşyklar gazanylan mahaly OAM magistral gaz geçirijiler ulgamy tebigy gazyň Türkmenistandan Gündogar Ýewropa we GDA ýurtlaryna iberilmegini amala aşyrmak üçin herekete getirilip bilner.

Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän has ileri tutulýan taslamalaryň hatarynda umumy uzynlygy 1814 kilometr hem-de taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gaza barabar bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy agzaldy.

Tanyşdyrylyşda beýan edilen meseleleriň biri bu ulgamda milli strategiýanyň ekologiýa tarapyny emele getirýän mesele boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli nygtaýşy ýaly, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine daşky gurşawy goramak meseleleri bilen aýrylmaz arabaglanyşyklylykda garalýar.

Zyýanly gazlaryň bölünip çykmagyny azaltmak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldap, Türkmenistan, esasan, nebitgaz, energetika we ulag pudaklarynda häzirki zamanyň ekologiýa taýdan arassa hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryny peýdalanmaga geçýär. “Ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan kabul edilen “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” şoňa gönükdirilendir.

Türkmenistanyň energetika syýasatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda elektroenergiýanyň önümçiliginiň hem-de onuň eksportynyň artdyrylmagy, energiýa üpjünçiliginiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, energiýa harçlaýjy senagat önümçilikleriniň gurluşygy agzaldy. Mysal üçin, häzirki wagtda 2013—2020-nji ýyllar üçin elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde eýýäm ençeme gazturbinaly elektrostansiýalar guruldy.

Bu ulgamda alnyp barylýan uly möçberli işler Türkmenistanyň özüni elektroenergiýa bilen doly üpjün etmäge hem-de ony goňşy döwletlere — Owganystan Yslam Respublikasyna we Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmäge mümkinçilik berýär. Bu gün Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryna elektroenergiýanyň iberilişini giňeltmek üçin hem ähli mümkinçilikler bar.

Duşuşykda garalan meseleleriň hatarynda energiýa serişdelerini üstaşyr ibermek babatda köptaraply Çarçuwaly ylalaşyk boýunça gepleşiklere başlamak üçin şertleri taýýarlamaga degişli işler hem bar. Bellenilişi ýaly, teklip edilýän guralyň esasy maksady eksport ediji-satyn alyjy-döwletleriň hem-de üstaşyr geçiriji-döwletleriň bähbitleriniň sazlaşygyny gazanmakda jemlenýär. Şunuň bilen baglylykda, üstaşyr ibermegiň düzgünlerini bir nusga getirmek üçin energetikanyň ähli ulgamlaryny öz içine alyp biljek netijeli guraly işläp taýýarlamagy mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygy nygtaldy.

Media-forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Energetika Hartiýasynyň dünýäniň energetika giňişliginde özara gatnaşyk etmegiň netijeli, adalatly, sazlaşykly nusgasyny döretmek boýunça tagallalary birleşdirmekde esasy orun tutup biljekdigini we şeýle bolmalydygyny, täze pikirleriň we çemeleşmeleriň öňbaşçysyna hem-de wagyzçysyna öwrülmelidigini nygtadylar.

Türkmenistan munuň üçin hemmetaraplaýyn ýardam berer. Dünýäniň täze energiýa gurluşyny kemala getirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän netijeli başlangyçlary munuň girewi bolup hyzmat edip biler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter