Türkmen futzalçylary kümüş medallara mynasyp boldular | TDH
Sport

Türkmen futzalçylary kümüş medallara mynasyp boldular

опубликованно 05.06.2017 // 1591 - просмотров
 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde 1-4-nji iýun aralygynda Ýaponiýanyň Kobe şäherinde “Futzal Kobe festa 2017” atly halkara ýaryşynyň “A” toparynda geçirilen bäsleşiklerde Türkmenistanyň ýygyndy topary ikinji orny eýeledi.

Ýaryşlara Horwatiýanyň (25 ýaşa çenli), Ýaponiýanyň (25 ýaşa çenli) ýygyndy toparlary, şeýle hem Awstraliýanyň “Gelaksi”, Koreýa Respublikasynyň “Jina Mag” hem-de Ýaponiýanyň “Kobe” futzal toparlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ýygyndy topary Horwatiýanyň topary bilen geçirilen ilkinji duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýapon türgenleri bilen geçirilen ikinji duşuşyk bolsa 3:3 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Şeýlelikde, biziň ildeşlerimiz ýaryşlaryň indiki tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Final duşuşygynda Türkmenistanyň topary Ýaponiýanyň “Kobe” toparyndan 2:4 hasabynda asgyn gelip, kümüş medala mynasyp boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter