Aşgabat V Aziýa oýunlaryna taýýarlanýar | TDH
Aşgabat-2017

Aşgabat V Aziýa oýunlaryna taýýarlanýar

опубликованно 09.06.2017 // 970 - просмотров
 

Şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler dowam etdirilýär.

Bu ulgamda işleýän kärhanalar binalaryň öň tarapynyň durkunyň täzelemek seýilgähleri hem-de seýil baglary abadanlaşdyrmak işlerine uly üns berýärler. Hususan-da, Aşgabadyň günorta böleginde 630 gektar meýdanda ýerleşen täze seýilgähi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmek meselesine uly üns berilýär: awtoulag ýollarynyň durky täzelenýär, täze awtoduralgalar, ýol aýrytlary gurulýar. Aşgabat şäheriniň köp gatnawly köçelerinde 18 köpri, 15 ýerasty we 31 ýerüsti pyýadalar üçin geçelgeler guruldy.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli etraplarynda durmuş we inženerçilik düzümlerini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter