Seýdylla Täzäýew ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy | TDH
Sport

Seýdylla Täzäýew ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy

опубликованно 15.06.2017 // 1479 - просмотров
 

Şu gün Hytaýyň Taýpeýinde badalga alan ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleriniň düzüminde Seýdylla Täzäýew tapawutlanyp, 60 kilograma çenli agramlyk derejede grek-rim görnüşi boýunça altyn medala mynasyp boldy.

Munuň özi biziň ildeşimiziň halkara sport giňişliginde gazanan üstünliginiň ilkinjisi däldir. Geçen ýyl Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejebowyň şägirdi Fransiýanyň Makon şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç baýragyna mynasyp boldy. Geçen aýda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde IV Yslam raýdaşlyk oýunlary geçirildi, şonda S.Täzäýew ýene-de hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Özüniň ýaşdygyna (17 ýaşynda) garamazdan, Seýdylla Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek milli ýygyndymyzyň düzüminde mynasyp orun eýelemäge esasy dalaşgärleriň biridir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter