Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlady

опубликованно 17.06.2017 // 1067 - просмотров
 

Mähriban uçurymlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan Watanymyzyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, kanunçylygy ygtybarly gorajak ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlamagyňyz, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, şeýle hem giň durmuş we zähmet ýoluna hem-de harby gulluga gadam basmagyfiyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň bu ýollarda gadamlaryňyzyň batly, buýsançly başlaryňyzyň hemişe belent bolmagyny, geljekde size ynanyljak jogapkärli wezipelerde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!

Merdana Watan goragçylary!

Bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de döredijilikli zähmetini goramak, jemgyýetimizde kanunylygy, hukuk tertibini has-da berkitmek siziň mukaddes borjuňyzdyr.

Siz harby ylmyň we harby sungatyň döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda toplanan tejribesini yzygiderli özleşdirip, watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, halallyk, päk ýüreklilik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleriň belent nusgasyny görkezip, uly at-abraýa mynasyp bolmalysyňyz.

Garaşsyz Watanymyzyň edermen gerçekleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşlere beslenýän Watanymyzyň bagtyýar halky ägirt uly üstünlikleri gazanýar. Ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetini hil taýdan täze, has ýokary derejä çykarmakdan, halkymyzyň parahat we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň orny örän uludyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň kabul edilmegi parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýar. Harby doktrinamyzda watançylyk terbiýesini has-da kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş- durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň saglygyny we hukuklaryny goramak, harby hünärmenleri taýýarlamak işleri esasy wezipeler hökmünde bellenendir.

Ýurdumyzyň gazananlarynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmak, Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin bilimiňizi has-da kämilleşdirmek, göreldeli gulluk etmek siziň baş wezipäňize öwrülmelidir. Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz döwletiniň we mähriban halkymyzyň goragynda durmak uly hormatdyr, belent mertebedir we beýik jogapkärçilikdir.

Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar!

Bütin dünýäde ylmyň, tehnologiýanyň, şol sanda harby tehnikanyň ösýän häzirki döwründe, ýurdumyzyň harby okuw mekdeplerinde sapaklaryň geçirilişini kämilleşdirmek, okuw işine kompýuter we multimedia serişdelerini omaşdyrmak, internet we elektron kitaphana ulgamlaryny giňden ulanmak zerur şert bolup durýar. Geljekde hem siziň bu jogapkärli wezipäni uly abraý bilen berjaý edip, ylymly-bilimli, arassa ahlakly, beden taýdan sagdyn, merdana watançylary terbiýeläp ýetişdirmekde gujur-gaýratyňyzy, ukyp-başamygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn!

Mukaddes Watanymyzyň merdana gerçekleri!

Siz Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly söweş ýollaryny, harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerine gelip gowuşýan häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele almalysyňyz. Turkmenistan döwletimiziň berk goraglylygyny üpjün edip, oňa wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösüşine saldamly goşant goşmalysyňyz.

Eziz uçurymlar!

Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir. Siziň Watany goramak ýaly belent borja hemişe wepaly boljakdygyňyza, mukaddes topragymyzyň hakyky mertleri bolup, ata Watanymyzy has-da beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn!

Siziň ähliňizi ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter