Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

опубликованно 29.06.2017 // 948 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Tugrul Ýyldyrymy kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan we hut öz adyndan türkmen Liderini şanly sene—60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de saglyk, abadançylyk we Türkmenistanyň dünýäniň has ösen ýurtlarynyň hatarynda berkarar bolmagy ugrunda täze uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän giň, netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, ýurdumyzyň dünýäniň ýurtlary, şol sanda Türkiýe Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şol hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasyny onuň ägirt uly kuwwat, şeýle hem dostluk gatnaşyklary, iki halkyň taryhy, medeni we ruhy umumylygy emele getirýär. Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleriň hemişe netijeli häsiýetini nygtap, söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň artýan depginini belläp geçip, netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar. Bu köp ýyllyk hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen hem-de häzir amala aşyrylýan iri bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi jemlenendir.

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň ynsanperwer düzüm böleginiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet we sungat ugry boýunça toplanan ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi. Syýahatçylyk hem-de häzirki zamanyň maglumat tehnologiýalary özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň birnäçe beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Tugrul Ýyldyrym özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň berk binýadyna hem-de taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge bolan meýillerine daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň umumy bähbitler üçin mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter