Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

опубликованно 29.06.2017 // 884 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzy 60 ýaş toýy bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän dostlukly Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şol syýasat bolsa Türkmenistana hem-de onuň Liderine uly halkara abraýyny getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglary hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin täjik kärdeşine minnetdarlyk bildirip, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn esasda hem-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary giňeltmäge degişli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki halkyň köp asyrlyk dostlugyna hem-de ruhy taýdan umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine üns berildi.

Söhbetdeşler iýun aýynda Täjigistanyň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, medeni we döredijilik alyşmalarynyň özara peýdaly tejribesini dowam etmegiň möhümdigini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmoni Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy we täjik Lideriniň hemişe ýurdumyzyň arzyly myhmany boljakdygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda iki döwletiň Baştutanlary birek-birege iň gowy arzuwlarny beýan edip, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter