Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

опубликованно 29.06.2017 // 1070 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany milli Liderimizi 60 ýaşy bilen tüýs ýürekden gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde jogapkärli işinde üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerendigini, halkara abraýynyň barha artýandygyny belledi. Aşgabat iri halkara duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bellenilişi ýaly, Gazagystan hemişe türkmen Lideriniň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny goldaýar we doganlyk halkyň üstünliklerine tüýs ýürekden begenýär.

Döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine gutlaglary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, oňa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we iki ýurduň arasynda dostluk, deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki döwürde has-da okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşler täze taryhy eýýamda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ozal gazanylan ylalaşyklary hem-de özara gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatyny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň barşynda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine degip geçip, Gazagystanyň Baştutanyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Prezident Nursultan Nazarbaýew çakylyk üçin hoşallyk bildirip, gazak türgenleriniň Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hökmany suratda gatnaşjakdyklaryny aýtdy.

Söhbetdeşler gadymdan bäri iki halky baglanyşdyrýan doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew hoşlaşanlarynda, türkmen we gazak halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter