Gazagystanda geçirilýän Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň Milli güni bellenildi | TDH
Jemgyýet

Gazagystanda geçirilýän Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň Milli güni bellenildi

опубликованно 29.06.2017 // 958 - просмотров
 

Şu gün ““EKSPO-2017” Halkara ýöriteleşdirilen sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gabat gelen Türkmenistanyň Milli gününiň dabaralary boldy. Türkmenistanyň sergisini guraýjylar bu waka mynasybetli medeni maksatnama taýýarladylar. Türkmen bölüminde ähli myhmanlara milli aşhananyň tagamlary hödür edildi.

Türkmenistanyň sergi merkezi milli gününi geçirmek bilen EKSPO gatnaşyjylaryň, dürli ýurtlardan gelen köpsanly wekiliýetleriň, şeýle hem ýerli we halkara metbugat wekilleriniň üns merkezinde boldy. Bu dabara mynasybetli türkmen artistleri Astana geldiler. Bölümiň öňündäki owadan halylar bilen düşelen meýdançada guralan konsert şol bir wagtyň özünde türkmen toýuna we Türkmenistanyň häzirki döwri, onuň medeniýeti, sungaty, asylly dessurlary we ýurdumyzyň durmuşyndaky täzeçil ýörelgeleri, baý taryhy we nurana geljegi bilen tanyşmaga özboluşly çakylyga öwrüldi.

Türkmenistanyň Milli gününiň resmi taýdan açylyş dabarasyna “EKSPO-2017-niň” Guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçy düzümleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we başga-da köpsanly hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen ýurdumyzyň Ýaşyl tugy belende göterildi. Sergä gatnaşýan türkmenistanlylar dabaraly senany ellerini döşünde goýup, ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Milli gününiň resmi bölümi ýurdumyzyň we Gazagystanyň wekiliýetleriniň baştutanlarynyň gutlag çykyşlary bilen utgaşdy.

Açylan pursatyndan bäri 425 müňden gowrak adam gatnaşan “EKSPO-2017-niň” baş mowzugy – “Geljegiň energiýasy” diýlip atlandyryldy. Ol halkara bileleşiginiň dünýä ýurtlaryna uly täsir edýän energiýany sarp etmek meseleleri hakyndaky aladasyny özünde jemleýär. Serginiň baş maksady adamlaryň dünýä ýüzünde energiýany sarp etmek işlerini meýilleşdirmegi we oňa gözegçilik etmegi öwrenmekleri, tebigata ýetirilýän zyýany azaltmaklary üçin degişli maslahatlary höweslendirmekden we bu işlere bolan jogapkärçiligi ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Gazagystanyň resmi wekilleri türkmen wekiliýetini ýurdumyzyň “EKSPO-2017-didäki” Milli güni bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny mälim etdiler.

Milli Liderimiziň tutuş adamzat medeniýetiniň durnukly we howpsuz ösüşi, şol sanda energetika ulgamyndaky möhüm ugurlar boýunça halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan döwlet hökmünde energetika gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge, şol sanda deňiz ýalpaklygyny işläp taýýarlamagyň hasabyna ösdürmäge işjeň gatnaşýandygy, mundan başga-da, sebitde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ösdürilmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary işjeň öňe sürýändigi nygtaldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-njy iýunynda serginiň milli bölüminiň açylyş dabarasyna gatnaşmagynda öz beýanyny tapdy.

Şol gün serginiň açylyş dabarasynda çykyş edip, milli Liderimiz ýurdumyzyň tebigy serişdeleri işjeň özleşdirýändigini, olary netijeli peýdalanýandygyny , daşky gurşawyň goralmagy ugrunda alada edýändigini, energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryny öňe sürýändigini belläpdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýakynda täze senagat ulgamy bolan arassalaýjy desganyň we gaýtadan suw üpjünçiligi ulgamynyň ulanmaga berilmegi we onda Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň gatnaşmagynda bu möhüm ekologiýa taslamasy amala aşyryldy.

“Ýaşyl” tehnologiýalaryň utgaşykly we ýangyç-energetika toplumynyň köpugurly esasda ösüşi pudaga täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, şeýle hem ýurdumyzyň känlerindäki tebigy gazyň ägirt uly gorlary bu ugurda alnyp barylýan işleriň ösdürilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda bar bolan tebigy gazyň gorlary häzirki döwürde ýangyjyň iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşi hasaplanylýar.

Ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we ýeten derejesini görkezýän milli sergi bölümi Türkmenistanyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde alyp barýan işini we durnukly ösüşini äşgär edýär.

Sergi energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini, Gazagystanyň ilatyna we Astananyň myhmanlaryna türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşmak şertlerini ýola goýýar.

Sanly tehnologiýalaryň we multimediýa enjamlarynyň, häzirki zaman derejesi bolan ýörite maglumat ulgamlarynyň netijeli ulanylmagy bilen sergä gatnaşyjylar ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanýan ösüşi barada anyk we çuňňur maglumat almaga, onuň ýeten derejesi, geljekki ösüşi blen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Hususan-da, Astanada guralýan sergide özbaşdak geliotoplumlar, biogaz gurnamalary we galyndysyz önümçilik düzümleri görkezilýär. Olar sergä gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň Milli gününiň maksatnamasy örän baý we gyzykly düzülipdir. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar, halk sazlary, joşgunly tanslar we dutarçy bagşylaryň owazly aýdymlary blen utgaşdy.

Türkmen sergi bölüminde özboluşly milli äheň aýratyn duýulýar. Bu ýörelgeler serişde, ykdysady, maýa goýum, eksport ýa-da Garaşsyz Bitarap döwletimiziň medeni mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Hemişe bolşy ýaly, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýerine ýetirilen gadymy küştdepdi tansy medeni maksatnamanyň jemlemesini emele getirdi.

Aýdym-sazly çykyşlar köpsanly sergä gatnaşyjylarda özboluşly hoşallyk duýgularyny döretdi. Olaryň “Türkmenistan” diýen joşgunly sesleri dürli öwüşginde ýaňlandy.

Ýurdumyzyň “EKSPO-2017-de” bolan Milli güni uly üstünlik bilen geçdi. Ol dürli ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşan özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik we dünýäniň ähli halklarynyň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter